DÜNÝÄ

Gazagystan Hytaýa 1,5 müň sany saýgak sowgat eder

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” görnüşindäki sammit geçirildi. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin hem gatnaşdy.

Si Szinpiniň Astana saparynyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda Gazak Lideri hytaý tarapyna 1.5 müň sany saýgaklary sowgat berjekdigini habar berdi.

Saýgaklar Hytaýyň ügnbatar sebitinde saklanar we şol ýerde olaryň köpeldilmegi ugrunda tagalla ediler. Gazagystanyň hökümetiniň bu ugurda kabul eden çözgüdi Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan hoşallyk bilen garşylandy.

Si Szinpin bu özboluşly sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, Hytaýyň saýgaklary köpeltmek babatda meýilnamalarynyň bardygyny belledi.

Saýgaklar – antilopalar maşgalasyna degişli görnüş bolup, burny hortum görnüşli goşa toýnakly sähra antilopasydyr. Saýgagyň aýratynlyklarynyň biri onuň tizliginiň ýokary bolmagydyr. Olar sagatda 80 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Saýgaklaryň beýleki antilopalardan tapawudy olaryň erkekleriniň ,,S’’ şekilinde hortumunyň bolmagydyr. Olaryň beýle hortumynyň bolmagy pes tolkuny sesi duýmaklyga ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy