JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen ikinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. «The St. Regis Astana» myhmanhanasynda guralan duşuşykda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler.

Şunda geçen döwrüň dowamynda bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigi bellenildi. Ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugta şertnama-hukuk binýady döredildi. Olar dürli ugurlary gurşap alýar.

Bu bolsa hyzmatdaşlygyň däp bolan, şeýle hem täze ugurlarynda bilelikde işlemek üçin ägirt giňişligiň bardygyny görkezýär. Bularyň ählisi iki döwlete-de dünýäde özara üstünlikli hereket etmäge şert döredýär we Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki birnäçe halkara düzümlerde gatnaşyklary işjeň dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpini özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Dostlukly döwletiň Lideri hem, öz gezeginde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Hytaýda geçiriljek ŞHG-niň sammitine we beýleki halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi mälim edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar