DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni San-Fransiskoda belleniler

Ata Watanymyz özüniň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny belleýär. Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzda bolşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilýär.

Biz hem “Ata Watan Media” hökmünde, 27–28-nji sentýabrda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde geçiriljek 2-nji Türk festiwalyna gatnaşyp, Garaşsyzlyk baýramyny diaspora bilen bilelikde gutlaýarys.

Geçen ýylky şeýle çärede, San-Fransiskonyň iň merkezi meýdançalarynyň birinde müňlerçe adam ata Watanymyz bilen tanyşdy. Bu ýylky festiwal  iki günläp dowam eder.

Festiwal barada

  • 2-nji San Fransisko Türk Festiwaly
  • 27–28 sentýabr 2025
  • Embarcadero Plaza – San Fransisko
  • 11:00 – 18:00

Related posts

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 2844 adam haj parzy üçin Saud Arabystany gider

Iň gadymy gül tapyldy

Ata Watan Eserleri