SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

Aziýa Ösüş Banky (AÖB) Türkmenistanda şepagat uýalarynyň we akuşerleriň sanyny artdyrmaga we hünär derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslama üçin maliýe goldawyny makullady. Bu maksada Aziýa Ösüş Bankyndan 75 million ABŞ dollarlyk karz we Ýaponiýanyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüş gaznasyndan (JFPR) 2 million ABŞ dollarlyk grant bölünip berler. Bu barada Aziýa Ösüş Bankynyň metbugat gullugy habar berdi.

“Şepagatçylyk işiniň mümkinçiliklerini we hilini ýokarlandyrmak” atly taslama AÖB-niň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ilkinji tejribesi bolar. Ol ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge, olaryň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de şepagatçylyk bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.

Taslamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde Şepagatçylyk işi mekdebini gurmak meýilleşdirilýär. Okuw jaýynda häzirki zaman okuw otaglar we barlaghanalar, eneler üçin niýetlenen dynç otag, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýlar dörediler.

Umumy bahasy 98 million ABŞ dollaryna barabar bolan bu giň möçberli taslamanyň 23 million ABŞ dollary Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan üpjün ediler. Bu başlangyç şepagat uýalarynyň jemgyýetdäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň we hünärmenleriň bilim derejesini artdyrmaga we halkara derjede ösdürmäge gönükdirilýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Russiýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Türk howa ýollary: Ilkinji adaty uçar gatnawyny şu gün amala aşyrýar

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy