SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Şäherara awtobus ugurlary üçin petekler onlaýn satylýar

Awtobus peteklerini biziň web-saýtymyz ýa-da Android gurluşly ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmamyz arkaly onlaýn satyn almak mümkin. Bu barada “auh.com.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Ýolagçy görkezilýän menýudan gitmekçi bolýan ugruny, senesini we wagtyny saýlamaly. Şeýle-de şol ýerde talap edilýän maglumatlaryň ählisini jikme-jik doldurmaly we telefon belgisini görkezmeli. Ýol petegini satyn alyjy hasaplaşyk amalyny ýerine ýetirenden soň, gysga wagtyň içinde elektron petegiň eýesi bolar.

Ýolagçylar bilet satyn almazdan ozal, soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19-a barlagdan geçip, negatiw netijäni alandygyny tassyklaýan şahadatnamany, koronawirusa garşy üç waksinany hem alandygy baradaky resminamany, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan syýahat üçin berlen rugsatnamany almalydyrlar.

Soraglar boýunça telefon belgiler: +99312443535, +99312443531, +99312443532, +99312443533, 082.

 

Aşgabat-Kazan ilkinji uçar gatnawy haçan?

Related posts

Tomusky dynç alyş: kadalary berjaý ediň!

Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça ýük gatnawy

70 ýaşynda ilkinji bäbegini dünýä inderdi