DÜNÝÄ

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Soňky birnäçe ýylda karýerasyndaky iň iri iki konsert maksatnamasyny geçiren aýdymçy Beýonseniň baýlygy 1 milliard dollara ýetdi. Ol adamsy Jay-Z, aýdymçylar Rihanna we Teýlor Swift, şeýle hem sazanda Brýus Springstin ýaly beýleki milliarder sazandalara goşuldy.

“Forbes USA”-nyň bellemegine görä, Beýonse 2023-nji ýylda “The Renaissance World Tour” atly dünýä turuna çykdy. Bu tur ýylyň iň uly konsert wakalarynyň birine öwrülip, takmynan 600 million dollar girdeji getirdi. 2024-nji ýylda aýdymçy “Cowboy Carter” atly kantri albomyny çykardy. Bu albom oňa Roždestwo güni NFL oýnunyň arakesmesinde çykyş etmäge hem-de 2025-nji ýylyň iň girdejili konsert turuny geçirmäge mümkinçilik berdi.

Aýdymçynyň baýlygynyň esasy bölegi onuň aýdym-sazyndan gelip çykýar. Muňa aýdym-sazyna bolan hukuklary doly gözegçilikde saklamagy we dünýä boýunça gastrollardan alýan girdejileri sebäp bolýar. 2010-njy ýylda Beýonse “Parkwood Entertainment” kompaniýasyny esaslandyrdy. Bu kompaniýa onuň ähli aýdym-sazlaryny, dokumental filmlerini we konsertlerini prodýuserlik edýär.

Mundan başga-da, Beýonsa saç ideg serişdeleri üçin “Cecred” atly öz brendi hem-de “Ivy Park” egin-eşik markasy degişlidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar