SPORT

Russiýanyň Tokio oýunlarynyň düzümi belli boldy

Ýene-de sanlyja wagtdan Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Russiýa Federasiýasynyň türgenleriniň düzümi tassyklandy. Olaryň esasy maksady dünýäniň iň güýçli 3 ýygyndysynyň biri bolmakdan ybarat.

– Ýygyndynyň düzüminde 335 türgen bar. Ol hem ozalky Rio Olimpiýa oýunlaryndan 50 adam köpdür – diýip, Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Stanislaw Pozdnýakow belläp geçdi.

Sportuň oýun görnüşleri boýunça Russiýanyň ýygyndysynyň olimpiýa rugsatnamasy has köp. Ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna regbi sporty boýunça zenan ýygyndy hem gatnaşýar.

Russiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň ortaça ýaşy 27 ýaş. Toparda iň köp medal gazanan suwda sinhronly ýüzmek boýunça türgen Swetlana Romaşinadyr. Onuň eýýäm 5 altyn medaly bar.

Ýaponiýada rus topary “ROC” – Russiýanyň Olimpiýa komiteti gysgaltmasy boýunça çykyş eder.

Tokio oýunlarynyň aýratynlyklaryndan biri hem gender deňligidir. Şonuň üçin açylyş dabarasynda her delegasiýadan iki sany baýrak göteriji bolar.

Russiýanyň ýygyndysynyň baýrak göterijileri – Maksim Mihaýlow (woleýbol) we Sofiýa Welikaýa (gylyçlaşmak) bolar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Tokio gitjek türgenler bilen duşuşyp, olara üstünlik arzuw etdi. Mundan başga-da, Putin Tokio Olimpiadasynyň häzirki koronawirus ýokanjy şertlerinde geçirilmeginiň dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem Putin Oýunlara gatnaşjak ähli türgenlerden koronawirus ýokanjyna garşy kabul edilen öňüni alyş talaplaryny berk berjaý etmegini isledi we guramaçylaryň ýaryşa gatnaşyjylary goramak üçin ähli zady etjekdigine ynam bildirdi.

Koronawirus ýokanjy sebäpli 1 ýyl yza süýşürilen XXXII tomusky Tokio Olimpiýa oýunlary 23-nji iýul-8-nji awgust aralygynda geçiriler.

 

“Huawei” kompaniýasynyň üstünlikli ýollary

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar