DÜNÝÄ

Hytaýyň ilaty artdy

2021-nji ýylda Hytaýda 10.62 million çaga dünýä indi. Şeýlelikde, Hytaýyň ilatynyň sany geçen ýyla görä köpelip, 1.412 milliard adama ýetdi.

Hytaýyň Döwlet statistika müdirliginiň habar bermegine görä, Gonkongyň, Makaonyň hem-de Taýwanyň ilat sany bu statistika maglumata goşulmady.

Hytaýyň materik ilaty 480 müň adam köpeldi. Materik böleginde 723.11 million erkek hem-de 689.49 million zenan ýaşaýar.

Ýurduň şäher ilatynyň sany 12,05 million artyp, 914.25 million adama barabar boldy. Oba ilatynyň sany bolsa, 11,57 million azalyp, 498.35 million adama deňeçer boldy.

Hytaýyň ýolbaşçylary 2021-nji ýylyň awgustynda “Ilat we maşgalany meýilleşdirmek barada” kanunyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, maşgalalara 3 çaga edinmäge rugsat berildi.

 

Dünýäniň iň gymmat awtoulagy

Related posts

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna 200 kitaby sowgat berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri