TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň gymmat awtoulagy

“Dünýäniň iň gymmat awtoulagy” adyna eýe bolan kaşaň awtoulag ägirdi “Rolls-Royce” kompaniýasynyň “Boat Tail” modeliniň ikinjisiniň satuwa tanyşdyryljak senesi yglan edildi. Bu ulagdan 3 sanysynyň öndürilmegi göz öňünde tutulýar.

Beýik Britaniýanyň kaşaň awtoulag öndürijisi “Rolls-Royce” şereketiniň 28 million dollar bahasy bolan “Boat Tail” kysymly ulagynyň ikinjisiniň taýýar boljak senesi yglan edildi.

Şeýle ulagyň diňe 3 sanysy öndüriler we onuň ikinjisi Italiýanyň Komo kölüniň kenarynda geçiriljek 2022-nji ýyldaky “Villa d’Este” çäresinde tanyşdyrylar. Bu çäräniň 20-22-nji martda geçirilmegine garaşylýar.

Awtoulagyň  6,75 litrlik goşa turbo V12 hereketlendirijisi 563 at güýjüne eýedir.

 

Awstraliýa “Sputnik V” sanjymyny ykrar etdi

Related posts

Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar

Sanly tehnologiýalar gullugy dörediler

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgam: nebitgaz toplumy