SPORT

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

17-nji sentýabrda Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda Aziýanyň ikinji derejeli çempionlar ligasynyň çäginde «Arkadag» – «Andijon» duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk «Arkadag» futbol klubynyň “B” toparçanyň çäginde toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji duşuşygy. Duşuşyk her näçe garşylyklaýyn hüjümlere we howply pursatlara baý bolsa hem oýnuň dowamynda hasap açylmady.

Ilkinji minutlardan başlap, «Arkadag» futbol toparynyň futbolçulary oýnuň gidişini öz ellerinde sakladylar. Aýratyn hem, topa erk babatda myhmanlardan has artykmaçlyk görkezdiler. «Arkadag» futbol klubynyň berk goragy bilen sazlaşykly hüjümleri özbegistanly myhmanlaryň derwezesine gol geçirmäge her näçe köp pursat döretsede, hiç biri hasaby üýtgetmedi.

Şeýlelik bilen, Aziýanyň ikinji derejeli çempionlar ligasynyň çäginde «Arkadag» hem «Andijon» toparlary bu duşuşykda öz aralarynda 1 utukdan paýlaşdylar.

«Arkadag» futbol kluby bu çempionatdaky indiki duşuşygyny 1-nji oktýabrda “Al Khaldiýa” toparyna garşy geçirer.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy