JEMGYÝET

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi.

Çäre Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna, ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň ýurdumyz tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahata diplomatlar, Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, ylmy jemgyýetçiliginiň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

 

Çykyş edenler häzirki döwrüň şertlerinde bitaraplyk temasynyň ähmiýetini, onuň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ornuny nygtadylar.

Maslahatda giriş sözi bilen uniwersitetiň rektory, professor Mihneýa Kostoiu çykyş edip, Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesiniň hem-de onuň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ähmiýetini belläp geçdi. Esasy çykyş bilen Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew ýüzlenip, bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesidigini hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek tassyk edilendigini nygtady.

Türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şol sanda Hazar deňzi – Gara deňiz ulag geçelgesi taslamasyna, şeýle hem energetika, sanly tehnologiýalar we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Maslahat milli mirasymyzyň baýlygyny myhmanlaryň has ýakyndan tanamagyna mümkinçilik döreden sergi we milli tagamlaryň hödürlenmegi bilen jemlendi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi