JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň mejlisine gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen duşuşdy. Bu barada Hindistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

– Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşmakdan hoşaldyryn. Hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak, esasan hem söwda, maýa goýum, aragatnaşyk, saglyk we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşdyk – diýip, Hindistanyň daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar belledi. Bu barada Hindistanyň daşary syýasat edarasy jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy