SPORT

Lewandowski iň ökdesi saýlandy

Germaniýanyň Türgenler Bileleşigi (VDV) möwsümdäki “Bundesligada” iň gowy futbolçy diýen ada ses berişligini jemledi. Bu ses berlişikde “Bawariýanyň” iki futbolçysy ýokary netije görkezdi. Sanawda birinji orny 40,2% göterim bilen “Bawariýa” toparynyň hüjümçisi Robert Lewandowski eýeledi. Ikinji orny “Borussiýa Dortmundyň” oýunçysy Jadon Sanço 13,9% göterim bilen ýerleşdi. “Bawariýanyň” ýarymgoragçysy Joşua Kimmih bolsa 7.2% göterim bilen üçünji orny eýelemegi başardy.

31 ýaşly polşaly hüjümçi karýerasynda dördünji gezek bu kubogy gazandy.

“Bawariýanyň” goragçysy Alfonso Deýwis liganyň iň gowy we ýaş oýunçysy, Hans-Dieter Flik bolsa möwsümiň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi.

Related posts

“Mançester Siti” indiki möwsümde oýnar

Türkmen agyr atletikaçy Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary Türkiýede ukrain topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Ata Watan Eserleri