SPORT

Neýmar “PSŽ” bilen şertnamasyny uzaltdy

Braziliýaly dünýä belli futbolçy Neýmar häzirki çykyş edýän topary bolan Fransiýanyň “PSŽ” toparynda galmagy dowam etdirer. Bu barada toparyň internet saýtynda hem habar berilýär. Şeýlelikde, Neýmaryň Ispaniýanyň “Barselona” toparyna gaýdyp geler diýen habarlara bu şertnama jogap boldy.

Neýmar topary bilen şertnamasynyň möhletini 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Habar berlişi ýaly, 29 ýaşyl futbolçy salgytdan we bonuslardan başga ýylda 30 million ýewro alar.ýyllyk takmynan 30 million ýewro alar.

Mäim bolşy ýaly, Neýmar 2017-nji ýylda Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan “PSŽ” toparyna 222 million ýewro tölenip geçipdi. Ol fransuz toparynyň düzümine 3 gezek Fransiýanyň çempiony boldy we 2020-nji ýylda Çempionlar ligasynyň finalyna çenli ýetdi.

Braziliýaly “PSŽ” toparynyň düzüminde 112 duşuşykda oýnap, 85 gezek tapawutlanyp, 51 netijeli pas bermegi başardy.

“Bawariýanyň” yzly-yzyna 9-njy çempionlygy

Related posts

Pariž-2024: şygary we biletleriň bahasy belli boldy

Ata Watan Eserleri

Gruzin futbolçy “PSŽ” toparyna geçer

Ata Watan Eserleri

Futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä reýtinginde 64-nji orny eýeleýär

Ata Watan Eserleri