JEMGYÝET

Hytaý raketasy Hindi ummanyna gaçdy

Dünýäniň ähli ýerinde uly gyzyklanma döreden gije boýunça bu baradaky ýagdaýy gözegçilik astynda saklan Hytaý Halk Respublikasy raketanyň Hindi ummanyna gaçandygyny mälim etdi. Hytaýyň kosmos bekediniň modulyny älem giňişligine alyp barýan raketanyň kosmos giňişliginde belli bir bölegi ýanypdy. Şol bölekleriň Ýer şarynyň haýsy bölegine düşjekdigi hemmeleri gyzyklandyrdy.

Hytaýyň resmi habar aganetligi bu barada maglumat berdi. Şoňa laýyklykda, 21 tonnalyk raketanyň uly bölegi atmosfea giren wagty ýanyp, böleklere bölünipdi. Maglumata görä, raketanyň bölekleri 2.65 dereje demirgazyk giňişlikde we 72.47 dereje gündogar uzynlygynda gaçandygy aýdyldy.

Bu kordinatlaryň raketanyň Hindi ummynyna Maldiwleriň golaýyna düşündigi aýdyldy. Hytaý Halk Respublikasy 29-njy aprelde “Long March-5” raketasyny kosmosa uçurypdy. Uçurylandan soň, Tianhi moduly raketadan aýrylyp, meýilleşdirilen orbitasyna giripdi.

Raketanyň esasy bölegi Ýer şarynda ozal meýilleşdirilen nokada gonmagy göz öňünde tutulypdy.

Neýmar “PSŽ” bilen ÅŸertnamasyny uzaltdy

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar