DÜNÝÄ

Russiýada 9-njy maý-Ýeňiş güni bellendi

Russiýa Federasiýasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi. Ýurduň paýtagty Moskwa şäheriniň merkezindäki Gyzyl meýdança geçirilen dabaralara Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem gatnaşdy. Ýeňşiň 76 ýyllygynyň dabaralarynyň hormatly myhmany Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon boldy. Ol bir gün öňýanynda Russiýa iş sapary bilen gelipdi.

Waldimir Putin weteranlaryň arasynda oturyp, Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen harby ýörişe tomaşa etdi. Putiniň sag tarapynda uruş döwründe uly gahrymançylygy görkzen Nina Danilkowiç, sag tarapynda bolsa, Kurskda söweşen weteran Wasiliý Pronin oturdy.

Gyzyl meýdanyň merkezi tribunasyndan harby ýörişi 150 adma tomaşa etdi. Olaryň arasynda hökümet agzalary, weteranlar we köp sanly çagyrylan myhmanlar bar.

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygyna bagyşlanan dabaralarda Russiýanyň dürli goşun birlikleriniň 37-si geçdi. Şeýle hem 190-dan gowrak harby we ýörite tehnikalar görkezildi. Mundan başga-da, harby ýörişiň ahyrynda Russiýanyň harby-howa güýçleriniň 23 dikuçary hem-de 53 uçary dabara gatnaşyjylaryň ýokaryndan uçup geçdiler.

Umuman, harby ýörişe 12 müňden gowrak harby esgeriň gatnaşandygy mälim edildi.

 

Hytaý raketasy Hindi ummanyna gaçdy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady