SPORT

Finlýandiýa – dünýä çempiony

Finlýandiýanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy soňky 3 ýylyň dowamynda 2 gezek dünýä çempiony boldy. Olar final duşuşygynda Kanadanyň ýygyndysyny goşmaça wagtda 4:3 hasabynda ýeňdi.

Üstümizdäki ýyl Finlýandiýanyň ýygyndysy üçin netijeli ýyl boldy. Olar üç aý mundan ozal, Olimpiýa oýunlarynda hem çempion bolupdy.

Hokkeý boýunça dünýä çempionaty Finlýandiýada geçirildi. Ýer eýeleri birnäçe ýyldan bäri finalda Kanadanyň ýygyndysy bilen duşuşýar. Häzirki wagtda bu iki topar dünýä hokkeýiniň öňdebaryjylary hasaplanýar.

Finlýandiýa 4-nji gezek dünýä çempiony boldy. Mundan ozal, bu ýurduň ýygyndysy 1995-nji, 2011-nji we 2019-njy ýyllarda çempion bolupdy.

1962-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän hokkeý boýunça dünýä çempionatyna ilkinji gezek Russiýanyň ýygyndysy gatnaşmady. Hokkeý boýunça Halkara Federasiýanyň çözgüdi bilen Russiýanyň we Belarusyň ýygyndylary bu ýaryşa gatnaşdyrylmady.

Indiki çempionat hem Finlýandiýanyň Tampere şäherinde geçiriler. Onuň duşuşyklarynyň bir bölegi Rigada geçiriler.

 

Birža täzelikleri: türkmen karbamidine uly gyzyklanma

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy