SPORT

“Bundesliga” derbi bilen başlanýar

Bilşimiz ýaly, koronawirus keseli sebäpli ähli medeni we sport çäreler saklanyldy. Köp wagtlap futbol janköýerleri futbol duşuşyklaryna tomaşa edip bilmediler. Sebäbi öñdebaryjy futbol çempionatlar wagtlaýynça togtadyldy. Indi bolsa ýurdumyzyñ we dünýädäki futbol janköýerlerine gowy habar gelip gowuşd.

Ýagny, Germaniýada şu hepdäniñ şenbe gününde “Bundesliga” çempionatynyň arakesmä yglan edilen ýerinden başlanjakdygy mälim edildi.

Germaniýanyñ çempionaty başlangyç duşuşygy örän gyzykly oýun bilen başlanýar. “Signal Iduna Park” stadionynda “Borussiýa Dortmund” bilen “Şalke” toparlary duşuşar. Duşuşyk sagat 18:30-da başlanar. Şeýle hem şol günde “Bundesliga” duşuşyklarynyň  birnäçesi geçiriler.

Related posts

Iň köp gazanýan türgenler

Ata Watan Eserleri

Angliýa dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Özbegistanda Olimpiýa şäherçesiniň düýbi tutuldy