DÜNÝÄ

Özbegistanda Hytaýyň ulagy ýygnalar    

 Özbegistanda Hytaýyň “Oshan” ulagynyň ýygnamak işlerini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň “Uza” habarlar gullugy habar berýär.

Ýakyn wagtda ýurduň “Nawoi” erkin ykdysady zolagynda özbek-eýran tarapynyň gatnaşmagynda “Navoi Motors” bilelikdäki kärhanasy dörediler. 12 million dollar möçberindäki taslama ýurduň awtoulag senagatynda täze öwrülişigi amala aşyrar. Bu ýerde içerki bazar üçin “Oshan” hytaý ulagy ýygnalar.

– Ilkibaşda içerki bazar üçin dürli görnüşdäki ulaglary taýýarlarys. Kärhanada bir ýylda 30 müň awtoulagy ýygnamak göz öňünde tutulýar. Bu ýerde 200-den gowrak täze iş orny dörediler” – diýip, kärhananyň baş tehnology Afşin Şakeri gürrüň berdi.

“Oshan” – Hytaýyň “Changan” kompaniýasynyň awtoulag brendidir. “Changan” Hytaýyň awtoulag kompaniýasydyr. Hytaýyň iň uly ýolagçy ulag öndürijileriniň biridir.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-niň 52-nji mejlisine gatnaşdy

IFAS Toplantısı 24 Ağustos’ta Avaza’da yapılacak

vepa

Türkmenistan milli futbol takımı Hırvatlara emanet

vepa