SPORT

Messi toparyny ýarym finala çykardy

Argentin ýyldyzy Lionel Messiniň “Inter Maýami” topary Demirgazyk Amerikanyň 60-njy gezek geçirilýän çempionlaryň kubogy ugrundaky ýaryşynda çykyş edýär.

KONKAKAF Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda “Inter Maýami” topary “Los Anjeles” topary bilen duşuşdy. Toparlaryň birinji duşuşygynda “Los Anjeles” topary 1:0 hasabynda üstün çykypdy.

Jogap duşuşygynda, Lionel Messiniň geçiren 2 goly bilen “Inter Maýami” topary garşydaşyny 3:1 hasabynda utup, ýarym finala çykdy.

Ýarym finalda “Inter Maýami” topary Meksikanyň “Tigres” topary bilen duşuşar.

Bu ýaryşa Demirgazyk, Merkezi Amerika, şeýle hem Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol toparlary gatnaşýar. 27 topar 5 tapgyrda bäsleşýär.

Related posts

Dunaýdan Orhona çenli Ýüpek ýoly rallisi Türkmenistandan geçdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen futbolçy Lionel Messiniň toparyna garşy çykyş etdi

Ata Watan Eserleri

“Ýuwentus” topary Salah bilen gyzyklanýar