BIZNES

“Airbus” esasy bäsdeşi “Boeing”-den ozdurdy

Ýewropanyň aerokosmos korporasiýasy “Airbus” 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda müşderilerine 136 ýolagçy uçarlaryny gowşurdy. Geçne ýylyň degişli döwründe bu kompaniýa müşderilerini 142 uçar bilen üpjün edipdi.

“Airbus” kompaniýasynyň ýolagçy uçar önümçiligindäki esasy bäsdeşi Amerikanyň “Boeing” kompaniýays bolup durýar. Amerikan kompaniýays hasabat döwründe müşderileriniň 130 sany uçar sargydyny ýerine ýetirdi.

“Airbus” diňe mart aýynda 71 uçar öndürip, müşderilerine tabşyrdy. 2024-nji ýylyň martynda bu görkeziji 63-e deň bolupdy.

Umuman, şu ýylyň dowamynda “Airbus” kompaniýasyna müşderilerine 820 uçar tabşyrmagy maksat edinýär.

Related posts

«Awtoulag kärhanalar birleşigi» AGPJ dörediler

Ata Watan Eserleri

Türki Döwletleriň Guramasynyň ykdysadyýet we söwda ministrleriniň duşuşygy

Lukmançylyk önümlerini 128 ýurda satýar