SPORT

“Barselona” we “PSŽ” ýarym finala golaýlady

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çarýek final duşuşyklary dowam edýär. Fransiýanyň “PSŽ” topary öz meýdançasynda Angliýanyň “Aston Willa” toparyny 3:1 hasabynda utdy. Beýleki duşuşykda “Barselona” topary öz meýdançasynda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, “Barselona” bilen “PSŽ” toparlary jogap duşuşygy üçin artykmaçylyk gazandylar we ýarym finala çykmaga bir ädim golaýladylar.

8-nji apreldäki duşuşyklarda “Arsenal” “Real Madridden” 3:0 hasabynda üstün çykan bolsa, “Inter” topary myhmançylykda “Bawariýany” 2:1 hasabynda utupdy.

Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 15-16-njy aprelde geçiriler.

Related posts

Islam Mahaçew Dastin Porýeni ýeňip, çempionlygyny gorady

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystany dünýä çempionatyny gurnamakçy

Messi toparyny ýarym finala çykardy