SPORT

“UFC 264”: Makgregor – Porýe tutluşygy

“UFC 264” garyşyk söweş sungatynyň ýeňil agram derejedäki öňki çempiony irlandiýaly Konor MakGregor ýene-de amerikaly garşydaşy Dastin Porýe bilen tutluşyk geçirer. Bu tutluşyk 10-njy iýuldan 11-nji iýula geçilen gije geçiriler. Ol 5 döwden ybarat bolup, her döw 5 minut dowam eder.

Bu tutluşyk iki türgeniň arasyndaky 3-nji tutluşyk bolar. 2014-nji ýylyň güýzünde Makgregor Dastin Porýeni ýeňipdi. 2021-nji ýylyň ýanwarynda bolsa jogap tutluşygy geçirilip, onda Dastyin Porýe ýeňipdi.

Makgregor MMA ýaryşlarynyň çäklerinde 22 gezek ýeňiş gazanyp, 5 gezek ýeňildi. Porýe bolsa 27 ýeňiş gazanyp, 6 gezek garşydaşlaryndan ýeňildi.

Tutluşygyň Russiýanyň wagty bilen 07:15 töwereginde başlamagyna garaşylýar. Ony “РЕН ТВ” teleýaýlymyndan tomaşa etmek bolar.

Bu tutluşygy türkmen tomaşaçylar hem tomaşa etmäge mümkinçilik alyp bilerler. Sebäbi IP-TW ulgamynda Russiýanyň РЕН ТВ” teleýaýlymy bar.

DONALD TRAMPA GARAŞYLÝAR

“UFC” ýaryşlarynyň prezidenti Deýn Uaýt bu tutluşygy toma aşetmek üçin köp sanly ýyldyzlaryň hem geljekdigini mälim etdi. Onuň bellemegine görä, Las-Wegasda geçiriljek tutluşyga tomaşa etmek üçin ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampa hem garaşylýar.

Şeýle hem tomaşaçylaryň arasynda aýdymçy Jastin Biber, meşhur basketbolçy Kewin Dýurant, aktrisa we modaçy Megan Foks, Kim Kardaşýan we beýleki köp sanly myhmanlar bolar.

 

Rus tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy