SPORT

“Çelsi” topary satylýar

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň eýesi Roman Abramowiç topary satmak barada karara geldi. Bu barada “Çelsi” toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

– Men hemişe toparyň bähbitleri esasynda kararlar kabul etdim. Häzirki ýagdaýda topary satmak baradaky kararym has dogry çözgüt bolup durýar we bu çözgüt janköýerler, işgärler, hemaýatkärler we toparyň hyzmatdaşlary üçin hem gowy bolar. Şeýle ýagdaýda “Çelsi” toparyndan aýrylmak maňa has kyn – diýip, Abramowiç belledi.

Roman Abramowiç 2003-nji ýylda “Çelsi” toparyny 140 million funt-sterlinge (şol wagtky ýagdaýa görä, takmynan 233 million dollar) ozalky eýesi, angliýaly Ken Beýtsden satyn alypdy.

“Çelsi” topary Abramowiç döwründe 5 gezek Angliýanyň çempiony, 5 gezek Angliýanyň kubogynyň eýesi, 3 gezek Angliýanyň ligasynyň kubogyny, 2 gezek Angliýanyň Superkubogyny, 2 gezek Çempionlar ligasyny (2012, 2021) we 2 gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny (2013, 2019) gazandy. 2021-nji ýylda bu topar UEFA-nyň Superkubogyny gazandy we dünýä klublar çempionatynda ýeňiji boldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Mihail Mişustini doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar