SPORT

Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyryna çykan toparlar belli boldy

UEFA-nyň gurnaýan iň uly ýaryşlarynyň biri bolan Çempionlar ligasynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, indiki tapgyra çykan toparlar belli boldy.

Öz toparçalaryndan birinji bolup çykan toparlar: Germaniýanyň “Bawariýa”, Portugaliýanyň “Benfika”, Angliýanyň “Çelsi”, Angliýanyň “Mançester Siti”, Italiýanyň “Napoli”, Portugaliýanyň “Porto”, Ispaniýanyň “Real Madrid” hem-de Angliýanyň “Tottenhem” toparlarydyr.

Öz toparçasyndan ikinji bolup çykan toparlar: Begliýanyň “Brýugge”, Germaniýanyň “Dortmund”, Germaniýanyň “Frankfurt”, “Germaniýanyň “Leipsig”, Angliýanyň “Liwerpul”, Italiýanyň “Milan” hem-de Fransiýanyň “PSŽ” toparlarydyr.

Pleý-off tapgyryna Germaniýadan we Angliýadan 4 topar çykmagy başardy. Italiýanyň “Milan” topary 9 ýyldan soňra toparçadan çykmagy başardy.

Italiýada köp ýyllaryň dowamynda birinjiligi eýeläp gelýän “Ýuwentus” toparynyň indiki tapgyra çykmakdan mahrum galmagy köpleri haýran galdyrdy.

1/8 final tapgyrynyň bijeleri 7-nji noýabrda çekiler. Ilkinji duşuşyklar 14-15-nji we 21-22-nji fewralda geçiriler. Jogap duşuşyklary bolsa, 7-8-nji we 14-15-nji martda oýnalar.

Ýene-de okaň

“Inter” topary 21-nji çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Agyr atletika dünýä çempionatynda Türkmenistana 9 türgen wekilçilik eder

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Infantino: Eýran futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ronaldo “Al-Nasr” bilen çempionlyga barýar

Tedesko “Fenerbahçe” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy