MEDENIÝET

“Meniň Watanym” atly kinofestiwal geçiriler

Hemişelik Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünliklere beslemäge medeniýet ulgamynyň işgärleri işjeň gatnaşyp, milli teleradioýaýlymlaryň we ýurdumyzyň çäginde hereket edýän döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz döwletimiziň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän filmleri döretmek, zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan “Meniň Watanym” atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwaly geçirilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri, gazanylan üstünlikleri beýan edýän filmleri, “Meniň Watanym” atly kinofestiwalynyň Guramaçylyk komiteti 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul eder. Kinofestiwala hödürlenen filmler ýörite düzülen Eminler topary tarapyndan seljerilip, 2021-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda ýeňijiler şu aşakdaky ugurlar boýunça kesgitleniler:

  • Baş baýrak
  • Eminler toparynyň baýragy
  • Iň gowy kinorežissýor
  • Iň gowy filmiň edebi esasy
  • Iň gowy kinooperatoryň işi
  • Iň gowy film sepleýjisi
  • Iň gowy film kompozitory
  • Iň gowy film suratkeşi.

Meniň Watanym atly kinofestiwalyna gatnaşmaga howlygyň!

 Habarlaşmak üçin: Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň

  49-37-02,  49-37-03,  49-37-28  telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.

 

 

“UFC 264”: Makgregor – Porýe tutluÅŸygy

 

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri