SPORT

Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda 301 medal gazandy

Şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 301 medal gazandylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşleriň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen işler dowam etdirildi. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, diňe maý aýynyň dowamynda 132 medal gazanmagy başardylar. Şeýlelikde, ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň medallar gaznasy 301 medala ýetdi.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda zehinli ýaşlaryň ylma, bilime we täze tehnologiýalara höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek hem-de ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7