SPORT

Ispaniýanyň iň köp gazanýan futbolçylary we tälimçileri

Fransiýanyň “L’Equipe” gazeti Ispaniýanyň milli çempionaty bolan “La Liganyň” toparlarynda iň köp aýlyk alýan futbolçylaryň we tälimçileriň sanawyny düzdi. Şol sanawda futbolçylaryň arasynda Lionel Messi, tälimçileriň arasynda bolsa Diego Simeone birinji orny eýeledi.

Ispaniýanyň çempionatynda futbolçylaryň arasynda iň köp hak alýan “Barselona” toparynyň hüjümçisi Lionel Messidir. Onuň aýlyk zähmet haky 10,5 million ýewrodyr. Ikinji orunda “Barselona” toparynyň fransiýaly hüjümçisi Antuan Grizmann hem-de “Atletiko Madrid” toparynyň hüjümçisi Luis Suares durýar. Olaryň zähmet haky 2,9 million ýewrodyr.

Tälimçileriň arasynda hemmelerden köp “Atletiko Madrid” toparynyň tälimçisi Diego Simeone gazanýar. Onuň bir aýlyk gazanjy 3,6 million ýewrodyr.  Bu ugurda ikinji orny Zinedin Zidan (1.4 mln) we üçünji orny Ronald Kuman (1.2 mln) eýeledi.

 

Habib resmi taýdan sport durmuşyny tamamlady

 

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi