DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýeti sebitara howpsuzlyk we özara arabaglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde sebitara howpsuzlyk we özara arabaglanyşyk meseleleri boýunça ikinji ministrler derejesindäki duşuşyk geçirildi. Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

Duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň, Gündogar hyzmatdaşlygy ýurtlarynyň, Gara deňiz sebitiniň we Merkezi Aziýanyň wekillerini bir ýere jemledi. Esasy üns sebitara gatnaşyklary berkitmäge, ulag, energetika we sanly infrastrukturany ösdürmäge, şeýle hem sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine gönükdirildi.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň wekili häzirki zaman geosyýasy we ykdysady kynçylyklaryň şertlerinde ygtybarly ulag ugurlarynyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady. Halkara özara arabaglanyşygyny ösdürmegiň diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin däl, eýsem sebit durnuklylygyny we halkara howpsuzlygyny berkitmek üçin hem möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm halkasy hökmünde Merkezi Aziýanyň mümkinçiliklerine, şeýle hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we sebit döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň milli ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini giňeltmek we halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça amala aşyrýan çäreleri barada maglumat berildi.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen tarapy Global Gateway başlangyjyna we Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryş platformasynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn baha berdi. Şeýle hem Merkezi Aziýany, Günorta Kawkazy we Gara deňiz sebitini öz içine alýan bitewi ulag arabaglanyşygy giňişligini döretmegiň geljegi uly ugurdygy nygtaldy.

Geljekki işleriň amaly ugurlary hökmünde ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek, üstaşyr geçiriş amallaryny ýönekeýleşdirmek, sanly ulag resminamalaryny ornaşdyrmak, şeýle hem halkara ulag ugurlarynyň işinde bökdençlikler ýüze çykan ýagdaýynda hereketleri utgaşdyrmak mehanizmini döretmek kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Türkmenistanyň açyk, ygtybarly we özara bähbitli halkara ulag gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Ýurdumzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylykly dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy we konstruktiw halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin esas bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.


Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropanyň daşary hereketler gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Audrone Perkauskieneniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy dialogy yzygiderli berkitmegiň we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de institusionallaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Hereket edýän hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ornuna, şeýle hem olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we amaly netijeleri gazanmak boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň we Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Related posts

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Rus ýolagçy uçarlaryny Hindistanda öndürmek meýilleşdirilýär

Putin we Trampyň 2-nji telefon söhbetdeşligi