DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Halkara Yslam uniwersitetine baryp gördi

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Pakistana saparynyň ikinji gününiň çäginde, Yslamabatda Halkara Yslam uniwersitetiniň prezidenti professor Ahmed Saad Alahmed, uniwersitetiň Dawah akademiýasynyň baş direktory, Faisal metjidiniň Baş ymamy we hatibi professor Muhammad Ilýas, şeýle hem Päkistanyň Bilim we hünär taýýarlygy ministrliginiň Dini bilim müdirliginiň baş direktory Gulam Kamar bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda dini bilimler ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, özara tejribe alyşmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de ýokary derejeli dini hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäginde Türkmen wekiliýeti Yslamabat şäherindäki Halkara yslam uniwersitetiniň merkezi dolandyryş edarasyna, Faisal metjidine we döwletiň garamagynda bolmadyk medrese görnüşindäki “Muhammadiýýä” uniwersitetine hem baryp gördi. Wekiliýet metjidiň we medresäniň taryhy we dini-jemgyýetçilik ähmiýeti, medresede okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we yslam hukugynyň öwredilişi bilen tanyşdy.

Duşuşyklarda dini bilimleri ösdürmek, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak meselelerine üns berildi.

Türkmen wekiliýetiniň Pakistana amala aşyran bu saparynyň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda dini bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge ýol açjakdygy bellendi.

Related posts

Hytaýda kinoteatrlar açyldy

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy

Dagyň beýikligi 86 santimetr artypdyr