DÜNÝÄ

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy Pakistanda iş saparynda boldy

Yslam medeniýetiniň we ylmynyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmek, ruhy bilimler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, “Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Pakistanda iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.

Saparyň çäginde, Ý.Hojagulyýew Pakistanyň Din işleri we dinara sazlaşyk boýunça ministrliginiň Federal Sekretary Ibrar Ahmad Mirza, Pakistanyň Yslam ideologiýasy geňeşiniň Başlygy Muhammad Raghib Hussain Na’eemi hem-de Pakistanyň Ýokary bilim komissiýasynyň agzasy Şafik ur Rehman dagylar bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanda dini we milli däp-dessurlary gorap saklamak, halkyň öz dini parzlaryny we adatlaryny ýerine ýetirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň döredilip berilýändi bellendi.

Bu döwlet derejesindäki işleriň çäginde Merkezi Aziýada iň uly metjit boljak Arkadag şäherinde bir wagtda 30 müň adama niýetlenen “Arkadagyň Ruhy metjidiniň” gurulýandygy we bu metjidiň ýanynda ýokary dini okuw jaýynyň hem döredilýändigi barada gürrüň berildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýeti bu ugurda Pakistanyň degişli döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Taraplar dini bilimleri kämilleşdirmek, tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Related posts

Girişimciler Partisine Yeni Başkan

vepa

Türkmenistan Russiýadaky halkara ykdysady foruma gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Astanada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi