DÜNÝÄ

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşyk

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, R.Meredow “ýaşyl” tehnologiýalar, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy