DÜNÝÄ

Şa gyzy Diananyň köýnegi 520 müň dollara satyldy

Uelsyň merhum şa gyzy Diananyň (1961–1997) gülli nagyşly ýüpek köýnegi auksionda 520 müň dollara satyldy. Bu barada “Julien’s Auctions” auksion öýüne salgylanyp habar berýär.

Bu lybas, köplenç Diananyň hassahanalara eden saparlarynda geýen köýnegi bolup, ol “rehimli köýnek” ady bilen tanalýar. Satuwyň başlangyç bahasy 50 müň dollar boldy.

Jemi 300-den gowrak Diananyň we Beýik Britaniýanyň beýleki şa maşgalasynyň agzalary bilen baglanyşykly zatlar auksiona çykaryldy.

Auksiony gurnaýjylar satuwa çykarylan kolleksiýanyň gatnaşyjylara şa maşgalasynyň “içki dünýäsi” bilen tanyşmaga, kimdigi we nämelere gadyr edýändiklerini düşünmäge mümkinçilik berendigini aýtdylar.

Related posts

Türkiye Bursları Başvuruları başladı

vepa

Türkiýe Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky 3 taraplaýyn ähtnamany tassyklady

Ilkinji arap kosmonawt

vepa