DÜNÝÄ

Ankara şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurnady.

Gül goýmak dabarasyna halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, belli edebiýatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle hem Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.

Dabaranyň çäklerindäki eden çykyşynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew Beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň dünýä edebiýatynyň ösmegindäki aýratyn ornuny belledi. Şeýle hem, Ilçi dabara gatnaşyjylary, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda meýilleşdirilýän halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin özygtyýarly döwlet, erkin we bagtly durmuş baradaky arzuwlary häzirki wagtda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy