SPORT

TFF-niň ýolbaşçylar düzümi FIFA-nyň Ýerine ýetiriji futbol sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow bilen TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew Maýami (ABŞ) şäherinde geçirilen FIFA-nyň Ýerine ýetiriji futbol sammitine gatnaşdylar.

Geçirilen çäre FIFA-nyň, alty yklymyň konfederasiýalarynyň, şeýle-de bütin dünýäniň milli futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylar düzümidir wekillerini özünde jemledi. Sammitiň esasy ugry dünýä futboluny ösdürmäge gönükdirildi.

Sammitiň dowamynda geçirilen maslahatlaryň esasy ugry oýunçylary hasaba alyş ulgamy bolan FIFA Connect maksatnamasynyň giňden ornaşdyrylmagyny, zenanlar futbolyny ösdürmegi, ýaşlar futbol maksatnamalaryny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy, şeýle-de halkara ýaryşlaryna taýýarlyklary, şol sanda FIFA Klublar dünýä çempionatynyň täzelenen görnüşiniň sanly üýtgeşmelerini öz içine aldy.

Şeýle-de, FIFA Arena global maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän dünýäniň dürli ýurtlarynda häzirki zaman kiçi futbol meýdançalaryny ulanyşa girizmäge aýratyn üns berildi. Bu taslama çagalara we ýaşlara futbol oýnamak üçin giň mümkinçilik döretmäge, esasanam köpçülikleýin futboly ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA Arena maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirip, ony Türkmenistanda giň gerimde durmuşa geçirilmegi ugrunda iş geçirmäge isleg bildirdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy