SPORT

Bassyr 21 oýundan bäri ýeňip gelýär

Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynyň 29-njy tapgyrynda “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda “Wulwerhempton” toparyny kabul etdi. Duşuşyk 4:1 hasaby bilen ýer eýeleriň peýdasyna tamamlandy. “Mançester Siti” toparynda Gabriel Jesus iki gol, Riýad Marez ýaly oýunçylar tapawutlanmagy başardylar. Toparyň dördünji goluny bolsa “Wulwerhempton” toparynyň oýunçysy Leander Dendoker tötänleýin öz derwezesine geçirdi.

Şeýlelik bilen “Mançester Siti” topary ähli ýaryşlarda yzly-yzyna 21-nji ýeňşini gazandy.Gwardiolanyň tälim berýän topary eýýäm 28 oýun bäri ýeňilmän gelýärler. Iň soňky sapar ýagny 21-nji noýabrda “Tottenhem” toparynda 0:2 hasaby bilen asgyn gelipdir. Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynda bolsa yzly-yzlyna 15-nji ýeňişini gazandy. Häzirki wagtda topar 65 utuk toplap, çempionatynda ynamly birinji orunda barýar. Onuň ýakyn yzarlaýjysy “Mançester Ýunaýted” topary bolup durýar. Topar birinji orundan 15 utuk yzda barýar. Çempionatyň indiki tapgyrynda 7-nji martda “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýted” toparyny kabul eder.

 

Beýik Britaniýa futbol çempionatyny gurnamakçy

 

 

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri