DÜNÝÄ

Britan kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alpyň ýolbaşçylygyndaky UKEF-iň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanda infrastruktura we eksporta gönükdirilen taslamalar bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlylygy beýan etdiler we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Bütindünýä hökümetler sammiti Guramasynyň dolandyryjy direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi ÝUNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistan çagalara sanjym geçirmekde Merkezi Aziýada öňde barýar