JEMGYÝET

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Türkmenistanda täze ýokary bilim edarasy  – Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary bilim edarasy döretmek baradaky amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer telekeçilik ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döretmek hakyndaky karary makullandy.

Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi täze ýokary bilim edarasynyň döredilmegine ýakyndan ýardam berer.

Şol bir wagtda resminamada bellenilişi ýaly, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplary okuw kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberiniň kesgitlenilmegi hem-de bu uniwersitetde sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň, hünärmenleriň bellenen tertipde çagyrylmagynyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady