JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana gelýär

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşmak we dürli duşuşyklary geçirmek maksady bilen Türkmenistana gelýär.

Ýokary derejeli türk myhmany saparynyň çäginde paýtagt Aşgabatda geçiriljek Dünýä türk işewürler geňeşiniň (DTİK) mejlisine gatnaşar.

Saparynyň dowamynda 4-nji iýunda Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşmagy meýilleşdirýän wise-prezident Jewdet Ýylmaz “Türkmentextile Expo 2026” halkara sergisine hem baryp görer.

Wise-prezident Ýylmaz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyk geçirer, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisine we resminamalara gol çekişmek dabarasyna gatnaşar.

Related posts

AŞTU ýene bir täze hyzmaty hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen metbugatynda-11.02.2019

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti täze ýokary okuw mekdepleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri