JEMGYÝET

Türkmenistan ŞHG-niň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýar

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow guramanyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň 23-nji maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

“mir24.tv” neşiriniň habar bermegine görä, şu gün Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na (ŞHG) ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň 23-nji mas­la­ha­ty geçirildi. Onlaýn tertipde geçirilen sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

– Bu foruma gatnaşmagy Türkmenistana hem-de onuň daşary syýasat ugruna goýulýan hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Türkmenistan üçin ŞHG bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň esasy bölegi hasaplanýar – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde ŞHG-niň ykdysadyýet, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutany ŞHG-niň ýurtlarynyň güýçli serişde önümçilik kuwwatynyň bardygyny mälim etdi.

2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda döredilen ŞHG guramasyna 6 ýurt – Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan agza boldy. 2017-nji ýylda bu gurama Hindistan bilen Pakistan goşuldy. Şu gezekki sammitde bolsa, Eýran bu gurama agza boldy.

Related posts

Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi

Türkmenistan’da bir modern köyün açılışı daha gerçekleştirildi

vepa

Ýalkym saçýan akula tapyldy

Leave a Comment