DÜNÝÄ

Eýranyň ŞHG-niň 9-njy agzasy boldy

Şu gün Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na (ŞHG) ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň 23-nji mas­la­ha­ty geçirildi. Onlaýn tertipde geçirilen sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Sammitiň çäklerinde kabul edilen resminamalara laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasy Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na resmi taýdan agzalyga kabul edilendigi yglan edildi.

Eýran bu guramanyň 9-njy agzasy boldy. 2022-nji ýylyň sentýabrynda Samarkant şäherinde geçirilen ŞHG-niň sammitinde Eýranyň gurama agzalyga kabul edilmegi mynasybetli ähtnama gol çekilipdi.

Guramanyň Pekin şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Eýran Yslam Respublikasynyň baýdagyny belende galdyrmak dabarasy boldy. Bu hem Eýranyň guramanyň resmi agzasy bolandygynyň subutnamasydyr.

2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda döredilen ŞHG guramasyna 6 ýurt – Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan agza boldy. 2017-nji ýylda bu gurama Hindistan bilen Pakistan goşuldy.

2023-2024-nji ýyl üçin Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň başlyklygy Gazagystan Respublikasyna geçdi.

 

Related posts

Aşgabatda Hytaýyň döredilmeginiň 76 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

“DOMOTEX 2019” halkara sergisinde Türkmenistanyň haly önümleri

vepa

Andy Warholyň kamerasy üçin 13 müň 750 dollar

Leave a Comment