DÜNÝÄ

Tokioda çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalaryň surat bäşleşigi geçirildi. Çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň ýolbaşçylary we çagalar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigaty, medeni gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli suratlary çekmekde öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

Çäräniň netijeleri boýunça gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirildi hem-de ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Related posts

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy

Russiýa-Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Katarda saparda bolýar