DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Türkiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, syýasy dialogyň ýokary derejesini we iki doganlyk döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan çemeleşmäni belläp geçdiler.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň halkara hem-de sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we Türki Döwletleriniň Guramasynyň (TDG) çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi nygtaldy.

Söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Related posts

Dünýäniň iň garry pili

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti SPECA-nyň ministrler duşuşygyna we UNECE-iň 71-nji mejlisine gatnaşdy

GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi

vepa