DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty  geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanun  taslamalaryna garaldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlar bilen bagly «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şeýle hem Mejlisiň komitetleriniň düzümi bilen baglanyşykly käbir guramaçylyk meselelerine seredildi.

Maslahatda «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Kabul edilen resminamalar ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Watanymyzda netijeli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri barha ilerletmäge ýardam eder.

Maslahatyň dowamynda «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň diwanynyň alyp baran işleri we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy  mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda meýilleşdirilen  çäreleri  ýokary derejede geçirmek, halkara guramalar  we dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu ugurda geçirilýän çäreleriň ýurdumyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer syýasatyny, taryhy başlangyçlaryny wagyz etmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga ýardam edýändigi nygtalyp geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar