DÜNÝÄ

“Galkynyş” topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň maý aýynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Bu wajyp halkara forum Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy.

Bu meşhur çärede Türkmenistanyň wekiliýeti hökmünde türkmen medeniýetini we atçylyk sungatyny dünýä giňişligine şöhratlandyrýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary mynasyp çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu topar milli mirasymyzy ösdürmäge we dünýä ýaýmaga agramly goşandyny goşýar.

“Galkynyş” toparynyň agzalary at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmekde ýokary ussatlyk görkezip, türkmen milli geýimleri we sazly çykyşlary bilen tomaşaçylarda hem-de halkara myhmanlarda uly gyzyklanma we höwes döretdiler. Türkmenistandan ýörite getirilip görkezilen ahalteke atlary tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekdiler. Owadanlygy, çydamlylygy we özboluşly hereketleri bilen tanalýan bu meşhur atlar festiwalyň iň köp ünsüni çeken nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Bu halkara medeni çäre diňe bir Türkmenistanyň baý atçylyk mirasyny däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel çekiler

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer