DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary jenap Han Çžen bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üçünji gezek ykrar edilmeginiň, şunuň bilen birlikde hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada bellenildi.

Türkmen tarapy iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän Beýik Ýüpek ýoly arkaly taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň döwlet ýolbaşçylarynyň tagallalary netijesinde üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklaryň bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam edýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel çekiler

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer