DÜNÝÄ

Ukuda telefonyň gulaklygyny ýuwutdy

ABŞ-da Brad Gote (38) atly adam ukusynda smartfonynyň simsiz gulaklygyny (nauşnik) ýuwutdy. Gulaklyk onuň gyzylödeginden endoskopiýa bilen alyndy.

Bu waka ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Workester şäherinde bolup geçdi. Brad Gote atly adam ukudan oýananynda dem almakda kynçylyk çekdi. Bokurdagynda bir zadyň bardygyny duýdy. Suw içmäge synanyşdy we başa barmady. Soňra hassahana äkidilen Goteniň gyzylödegine kabelsiz gulaklygyň gaçandygy mälim boldy.

MAŞGALASY DEGIŞÝÄNDIR ÖÝTDI

Gote aýalyna gulaklygynyň biriniň ýokdugyny sorapdy. Ol hem ýuwdansyňdyr diýip jogap berendigi, muňa maşagala bolup gülşendikleri mälim edilýär. Gote gije ýatyrka, şeýle wakanyň bolup geçendigini soňradan aňdy.

Goteniň ýuwdan gulaklygy hassahanada endoskopiýa bilen alyndy.

Soňky ýyllarda ýaşlar köplenç “akylly” telefondan peýdalananda kabelsiz gulaklyklary ulanýarlar. Aýdym diňlänlerinde ýa-da birileri bilen gürleşenlerinde bu enjamdan peýdalanýarlar.

“Akylly” enjamlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak gowy zat. Ýöne gijelerine gulaklyk bilen uklamazlygy endik edinmeli. Ýokarda bellenilip geçilen wakalaryň gaýtalanmazlygy babatyndan hem ähmiýetli bolar.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy