SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym edilenleriň sany keselleriň sanyndan geçdi

Dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilenleriň sany bu kesel bilen keselleriň sanyndan köp boldy. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhan Gebreýesus habar berdi.

– Tutuş dünýäde sanjym edilenleriň sany koronawirus ýokanjy bilen kesellenläriň sanyndan geçdi – diýip, Gebreýesus belledi.  Onuň aýtmagyna görä, bu hoş habar bolsa-da, sanjymlaryň dörtden üçüsiniň jemi içerki önümiň takmynan 60% jemlenen 10 ýurtda urlandygy bellenildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçysy 2,5 milliard adamyň ýaşaýan 130 töweregi ýurdunda sanjymyň ilkinji dozasyny hem almandygyny aýtdy.

Russiýa dünýäde ilkinji bolup COVID-19 sanjymyny bellige aldy. Bu sanjym, Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy bilen hyzmatdaşlykda Gamaleýanyň adyndaky lukmançylyk ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenip düzüldi. “Sputnik V” diýlip atlandyrylan bu sanjym häzirki wagtda onlarça ýurtda bellige alyndy. Dünýäniň ençeme ýurdunda onuň önümçiligi ýola goýulýar.

Mundna başga-da, “BioNTech-Pfizer”, “Moderna” we “AstraZeneca” sanjymy ýaly köp sanly sanjymlar bellige alnyp, Ýewropa ýurtlarynda we ABŞ-da ulanylýar.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy