SPORT

Hans Flik “Barselonanyň” tälimçisi wezipesine bellendi

Germaniýaly hünärmen Hans-Diter Flik Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň tälimçisi wezipesine bellendi. German tälimçi bilen 2026-njy ýylyň 30-njy iýuna çenli şertnama baglaşyldy.

59 ýaşly tälimçi soňky gezek Germaniýanyň milli ýygyndysyna tälim beripdi. 2022-nji ýylda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda Germaniýa öz toparçasyndan hem çykyp bilmändi. Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň güýzünde Flik Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesinden boşadylypdy.

Ispaniýanyň “Barselona” topary ozalky tälimçisi Hawi bilen şertnamasyny ýatyrdy.

Related posts

“Iň täsirli 100 adam” sanawynda 8 türgen

Ata Watan Eserleri

“Mançester Ýunaýted” topary Erik ten Hagy wezipesinden boşatdy

Ronaldoly “Al-Nasr” bilen duşuşjak «Arkadag» topary düzümini güýçlendirýär