SPORT

Lamelanyň ýatdan çykmajak goly

Angliýanyň milli çempionatynyň 28-nji tapgyrynyň merkezi duşuşygy London derbisinde “Arsenal” bilen “Tottenhem” toparlary duşuşdy. Bu duşuşyk “Tottenhem” toparynyň futbolçysy, argentinaly Erik Lamela üçin ýatdan çykmajak duşuşyklaryň biri boldy.

“Tottenhem” ýeňlendigine garamazdan, Lamelanyň pökgä “rabona” depmek usuly bilen geçiren goly uzak wagtlap ýatdan çykmajak gollaryň biri boldy. Onuň bu goluna topardaş ýoldaşy Reguilon bilen bir hatarda köp snaly futbol bilermenleri hem-de janköýerleri haýran galdylar.

Bu gol jemgyýetçilik mediýa tolarynda hem iň köp ara alnyp maslahatlaşylan mowzugyna öwrüldi.

Lamela şeýle goly ilkinji gezek geçirmeýär. Ol 2014-nji ýylda “Tottenhem” topary UEFA Ýewropa ligasynda “Asteras Tripolis” topary bilen geçiren duşuşygyndan hem şeýle ussatlyk bilen tapawutlanypdy.

Jennet mekanymyň dal bedewleri

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy